Antarktidada 40 million ýyl mundan ozal bar bolan äpet derýanyň yzlary tapyldy

  • 30.06.2024 23:56
  • 10k+

Geologlar Günbatar Antarktidanyň çägi bilen 1,5 müň km-e uzap gidýän gadymy derýa ulgamynyň yzlaryny tapdylar. Takmynan, 40 million ýyl ozal akan bu derýa Amundsen deňzine guýupdyr diýip, Science Advances žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.

Bu açyş yklymyň kenarýakasyndaky deňziň düýbünden tapylan kern dag jynsy derňew edilýärka mümkin boldy.
Barlagçylar kernde, esasan, derýa deltalaryna mahsus gatlakly gurluşyň bardygyny  kesgitlediler. Çägeli çökündilerdäki lipid biomarkerleriniň seljermesi süýji suwlara mahsus organiki maddalaryň bardygyny tassyklady.
Alymlar gadymy derýanyň gözbaşy Transantarktik daglaryndan gaýdypdyr we ululygyny Oka derýasy bilen deňeşdirip bolar diýip hasaplaýarlar. 34-44 million ýyl mundan ozal orta we giçki Eosen döwründe Ýeriň atmosferasy düýpgöter üýtgäpdir. Howada uglerod dioksidiniň derejesi peselip, global sowama buzsuz Ýerde buzluklaryň döremegine sebäp bolupdyr. Şondan bäri derýa ebedi buz gatlagynyň aşagynda ýatyr.
Bu açyş alymlara howanyň üýtgemegine we olaryň planeta eden täsirine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Barlagçylar geljekde boljak üýtgeşmeleri çaklamak üçin Ýeriň howasynyň geçmişde nähili üýtgändigini bilmegiň möhümdigini aýdýarlar.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....