Ýewro-2024-üň 1/8 finaly: Italiýa Şweýsariýadan utuldy, Germaniýa Daniýany utdy

  • 30.06.2024 14:28
  • 10k+

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy Ýewropanyň häzirki çempionlary bolan Italiýany ýeňip, Ýewro-2024-üň çärýek finalyna çykdylar.

Berlinde Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Remo Froýler (37-nji minut) we Ruben Wargas (46) geçirdi.
Froýleriň geçiren goly Ýewropa çempionaty üçin rekord boldy - bu goldan öň 31 gezek pas berildi (statistika 1980-nji ýyldan bäri ýöredilýär).
Çärýek finalda şweýsariýalylar şu gün, 30-njy iýunda geçiriljek Angliýa-Slowakiýa jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

1/8 finalyň beýleki duşuşygynda Germaniýa 2:0 hasap bilen Daniýadan üstün çykdy.
Dortmundda geçirilen duşuşyk 35 minutda ýagyş we doly sebäpli togtadyldy. Oýnuň esasy emini Maýkl Oliwer oýunçylary meýdançadan çykardy. Duşuşyk 25 minutdan soň dowam etdirildi.
Oýunda hasap ikinji ýarymda açyldy. Germaniýadan gollary Kaý Hawerts (53-nji minut, pen.) we Jamal Musiala (68) geçirdi.
21 ýaşly Musiala ýaryşda üçünji goluny geçirip, iň köp gol geçirenleriň sanawynda gruziýaly hüjümçi Žorj Mikautadze bilen deňleşdir we Ýewroada üç gol geçiren taryhda iň ýaş oýunçy boldy.
1/4 finalda Germaniýa Ispaniýa-Gruziýa jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Oýun 30-njy iýunda bolar.


düýn 16:49
4.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
6.9k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.3k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....