Xiaomi-niň geljekki krossoweri MX11 hemmetaraplaýyn görkezildi

  • 29.06.2024 16:56
  • 5.4k+

Carnewschina neşiri Xiaomi-niň ikinji elektromobiliniň ýakynda syzan maglumatlaryň esasynda döredilen kompýuter suratlaryny hödürledi. Bu barada IXBT ýazýar.

 

 

MX11-iň dizaýny ýapgyt üçekli we has göwrümli kupe-krossower stilinde ýerine ýetirilen. SU7-ä garanda täze awtoulagyň salonynda we ýük goýulýan ýerinde has köp ýeriň bolmagyna garaşylýar. Ol Ferrari Purosangue bilen deňeşdirilýär.
Gürrüňlere görä, MX11 hem SU7 bilen deň platforma esaslanar, ýöne ol has kuwwatly elektrik hereketlendirijilere we kämilleşdirilen dinamika eýe bolar. Awtoulagyň tehniki aýratynlyklary barada resmi maglumatlar heniz ýok.
Xiaomi MX11-iň 2025-nji ýylyň başynda hödürlenmegine garaşylýar. Onuň bahasy SU7 bilen deňeşdirilende has ýokary bolmaly, ol Tesla Model Y, Ford Mustang Mach-E we Denza N7 ýaly modeller bilen bäsleşip biler.
Xiaomi awtomobil biznesini ösdürmäge işjeň maýa goýýar we 15-20 ýylyň içinde dünýäniň iň uly awtoöndürijileriniň bäşligine girmegi meýilleşdirýär. MX11-den başga-da, kompaniýa beýleki modelleri, şol sanda “Kunlun” kod atly elýeterli elektrokary taýýarlaýar.

 


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....