Apple Ýewropanyň ýaşaýjylaryna gurluşlaryny özbaşdak bejermäge mümkinçilik berýär

  • 28.06.2024 21:23
  • 2.6k+

Apple özbaşdak bejeriş we anyklaýyş maksatnamasynyň Ýewropa çenli giňeldilendigini mälim etdi. Indi Ýewropa ýaşaýjylary kompaniýa tarapyndan hödürlenýän original ätiýaçlyk şaýlaryny we gurallary ulanyp, iPhone, iPad, Mac we beýleki Apple gurluşlaryndaky käbir döwülmeleri özbaşdak bejerip bilerler.

Bu başlangyç müşderileriň kanagatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga we olaryň Apple önümlerini ulanmak tejribesini artdyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle-de, özbaşdak bejeriş has tygşytly wariant hasaplanýar, sebäbi ol elektron galyndylary we gurluşlaryň hyzmat merkezlerine äkidilmegini azaltmaga mümkinçilik berýär.
Apple-iň özbaşdak bejeriş maksatnamasy eýýäm 33 ýurtda elýeterlidir. Geljek ýyl ol Kanada hem ýaýradylar.
Özbaşdak bejermek üçin elýeterli gurluşlaryň sanawy 42 modeli, şol sanda M3 prosessoryna esaslanýan täze MacBook Air-i öz içine alýar.
Apple uzak hyzmat edýän önümleri işläp taýýarlamagyň we öndürmegiň esasy wezipe bolup galýandygyny belleýär.

“Iň gowy bejeriş – bu hiç wagt gerek bolmajak bejeriş” – diýlip, kompaniýanyň beýanynda aýdylýar.


02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......