Bloomberg: SpaceX ABŞ-nyň iň gymmat hususy kompaniýasy boldy. Onuň bahasy 210 mlrd dollar

  • 28.06.2024 21:50
  • 3.5k+

Ilon Maskyň SpaceX kosmos korporasiýasy maýadarlar bilen kompaniýada paýlary satmak barada gepleşikleri geçirýär. Paýnamalaryň biriniň bahasy 112 dollara barabar. Şeýlelikde, tutuş kompaniýanyň bahasy 210 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Bu barada gepleşiklerden habarly çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen maliýeleşdirme tapgyrynda SpaceX 180 mlrd dollar bilen bahalandyrylypdy.

Häzirlikçe gepleşikler dowam edýär we ahyrky satuw şertleri tapawutlanyp biler. Paýnamalaryň mukdary barada hiç hili maglumat ýok.
Çeşmeleriň habar bermegine görä, häzirki maliýeleşdiriş tapgyrynda SpaceX kompaniýanyň işgärlerine we häzirki maýadarlara öz paýnamalaryny satmak mümkinçiligini bermek isleýär. Kompaniýa gepleşikler baradaky maglumatlara hiç hili teswir bermedi.
SpaceX 210 mlrd dollar baha ýeten ýagdaýynda ABŞ-da iň gymmat we dünýäde bu görkeziji boýunça Hytaýyň 268 mlrd dollar bahaly ByteDance kompaniýasyndan (TikTok-yň eýesi) soň ikinji hususy kompaniýa bolar. 


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......