Tesla aýna süpürgiçlerde we ýüki berkitmekde meseleler sebäpli 23 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrýar

  • 28.06.2024 15:49
  • 9.4k+

Tesla kompaniýasy aýna süpürgiçlerindäki kemçilikler sebäpli 11 688 sany Cybertruck elektrik pikapynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, aýnanyň näsaz süpürgiçleri ýoluň görünişini peseldip, heläkçiligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler diýip, Reuters habar berýär.

Mundan başga-da, Tesla awtoulagyň yzyndan gelýän ulaglaryň sürüjilerine howp salyp biljek, gowşamagy mümkin ýükdanyň berkidilişindäki kemçilikler sebäpli ýene 11 383 Cybertrucks-y yzyna çagyrýar.
Bu Tesla Cybertruck-yň ilkinji yzyna çagyrylyşy däl. Aprel aýynda kompaniýa ulagyň gaz pedalyndaky näsazlyklar, fewral aýynda bolsa, poslamaýan polatdan ýasalandygy habar berilse-de, kuzowdaky poslama sebäpli 4000 töweregi awtoulagy yzyna çagyrypdy.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.2k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....