"Garagum Ulag" täze Toyota Land Cruiser Prado-ny tanyşdyrdy. Awtoulagy eýýäm şu günden satyn alyp bolýar

  • 28.06.2024 12:25
  • 27k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigini tanyşdyrdy. Tanyşdyryş çäresi Toyota-nyň Aşgabatdaky dilerlik merkezinde geçirildi.

Şanly wakanyň hormatyna Garagum Ulag owadan Ýangy gala kanýonynda surata düşürilen wideony hödürledi. Çärä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de diplomatik edaralaryň işgärleri gatnaşdy.
Awtoulag kuwwaty 281 at güýji bolan 2,4 litrlik hereketlendiriji we 8-diapazonly awtomatik hereket geçiriji guty, hemişelik doly herekete getiriji sistema bilen enjamlaşdyryldy.
Täze awtoulagyň tanyşdyrylyşyndan başga-da, täzelenen Toyota şourumynyň dabaraly açylyşy boldy.

Land Cruiser Prado onlarça ýyl bäri ygtybarlylygyň we ýokary derejede geçijilik ukybynyň nyşany bolup galýan meşhur modeldir. Täzelenen wersiýasynda Toyota inženerleri awtomobiliň iň gowy häsiýetlerini saklap galyp, ony has kämilleşdirdiler.
Täzelenen Prado – bu kuwwatly hereketlendiriji, rahat salon, etalon ygtybarlylyk we islendik ýoly kynçylyksyz geçmek ukybydyr. Bu model ýokary hile we rahatlyga baha berip bilýänler tarapyndan saýlanýar.
Garagum Ulag kompaniýasy täze awtoulagyň Türkmenistanyň bazarynda mynasyp orun eýelejekdigine ynanýar.
Habarlaşmak üçin:

​​​​​​​


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......