Braziliýada ilkinji gezek krokodiller bilen kowumdaş gadymy süýrenijiler tapyldy

  • 27.06.2024 16:40
  • 7.2k+

Braziliýada Parvosuchus aurelioi adyny alan gadymy süýrenijiniň galyndylary tapyldy. Häzirki zaman krokodilleriniň kowumdaşy, psewdozuhiýler toparyna degişli bolan bu haýwan 237 million ýaşly diýip, Phys.org neşirinde çap edilen makalada aýdylýar.

 

Täze görnüşiň ady parvus (kiçi) we surus (krokodil) sözlerinden gelip çykýar. Santa Mariýa formasiýasynda tapylan galyndylar kelläni, oňurgany, çanaklygy we el-aýaklary öz içine alýan bölekleýin saklanyp galan skeletden ybaratdyr.
Parvosuchus aurelioi uzynlygy 1 metrden geçmeýän uly bolmadyk göwresi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 14,4 santimetre ýetýän kelleçanagynda uzyn äňleri bilen yza egrelip duran ýiti ýiti dişleri bardy.

 

Dinozawrlaryň agdyklyk etmezinden ozal, psewdozuhiler Trias eýýamynda (252–201 million ýyl ozal) gadymy dört aýakly süýrenijileriň umumy görnüşi bolupdyr. Mundan başga-da, olaryň käbir görnüşleri şol döwrüň iň uly ýyrtyjylary bolupdyr. Grasilizuhidler diýlip atlandyrylýan kiçi psewdozuhiler bu uly ýyrtyjylaryň ýanynda ýaşapdyrlar we öň olar Hytaýda we Argentinada tapylypdy.
Alymlar bu açyşyň, dinozawrlar agdyklyk etmezinden ozal, Trias eýýamynda psewdozuhileriň dürlüligini görkezýändigini nygtaýarlar.

 


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....