"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat-Jidda aralygynda ýolagçy howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar

  • 27.06.2024 16:22
  • 11k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine ýerine ýetirýän yzygiderli ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrdy. 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, "Türkmenhowaýollary" Jidda şäherine hepdede iki gezek - çarşenbe we anna günleri uçar diýlip, agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, agentlik amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmegi we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmagy maksat edinýär.
Aşgabatdan Jidda şäherine ilkinji göni uçuş 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda ýerine ýetirildi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....