Türkmenistan we OPEK Gaznasy 2024-2029-njy ýyllar üçin Çarçuwalaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdi

  • 27.06.2024 14:08
  • 4.2k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň (OPEK) Halkara ösüş Gaznasy tarapyndan guralan üçünji her ýylky ösüş forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynda habar berildi.

Forumyň barşynda Jepbarow OPEK Gaznasynyň prezidenti Abdulhamid Alhalifoý bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Gaznanyň arasynda köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen OPEK Gaznasynyň arasynda 2024-2029-njy ýyllarda "Çarçuwalaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasyna" gol çekildi.
Bu maksatnama köpugurly ösüş maliýe institutlary bilen, şol sanda OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.


şu gün 07:51
894

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
940

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......