Aşgabatda 3 okrugda Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

  • 27.06.2024 13:34
  • 4k+

27-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara salgylanyp, TDH agentliginiň habar berşi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy. Üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-sy doly taýýar edildi. Olar kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki materiallar bilen üpjün edildi. Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 8:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.
Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenen milli synçylaryň 76-sy saýlawlara gözegçiligi amala aşyrar. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärler bilen duşuşyklara, saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem saýlaw güni saýlaw uçastoklaryna baryp görmek mümkinçiligi döredildi.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....