Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

  • 26.06.2024 15:42
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi. Şu gün Bu bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady.

"Biz ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyraga bagyşlap döwrebap we kämil eserleri döretmeklerine aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ýazyjy-şahyrlarymyzy, aýdymçylarymyzy, sahna ussatlarymyzy, suratkeşlerimizi ylham dünýäsine ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygrynda öňe sürülýän gymmatly pikirlerden ugur alyp, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, dana şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu bäsleşige hödürlenen eserleriň her biri Diýarymyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini, ýaşlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlap kämil eserleri döretmäge ukyplydyklaryny doly subut edýär.
Beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň dabaraly ýagdaýda sylaglanylmagynyň aýratyn manysy bardyr. Biz geljekde hem bu döredijilik bäsleşigini yzygiderli geçirip, sungata höwesek ýaşlarymyzyň zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleri dörederis" diýlip Gutlagda aýdylýar.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......