Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni: Paryzdepede okuw maslahaty, metbugat brifingi we sirk tomaşasy

  • 26.06.2024 15:02
  • 7.4k+

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününde ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.

Medeni forumyň muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat topary irden Paryzdepe taryhy ýadygärligine bardylar. Bu ýerde “Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty geçirildi.
Şu gezekki çärä gatnaşyjylar adamzadyň umumy medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan taryhy desgalary dikeltmek, öwrenmek we wagyz etmek boýunça hünärmenler tarapyndan geçirilýän ylmy-gözleg işleri bilen tanyşdyryldy.


Mundan başga-da, ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň desgalarynyň döwlet sanawynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda “Märkaw” myhmanhanasynda žurnalistler üçin “Magtymguly — umumadamzat şahyry” atly metbugat brifingi geçirildi.
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tarapyndan taýýarlanylan “Görogly” atly sahnalaşdyrylan sirk tomaşasynyň ilkinji görkezilişi günüň agşamky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......