GPT-4 Týuring synagyndan geçdi: neýroulgama adamdyr öýtdüler

  • 26.06.2024 13:59
  • 4.1k+

ABŞ-da ýerleşýän Elektrotehnikanyň we elektronikanyň inženerleri instituty (IEEE) tarapyndan geçirilen barlagda GPT-4 emeli aň (AI) modeli adam aragatnaşygyna öýkünip bilmek ukybyny şeýlebir derejede görkezdi welin, synaga gatnaşanlaryň 54%-i oňa adamdyr öýtdi diýip, LiveScience portaly ýazýar.

Synagda 500 adam hakyky adam we üç sany AI modeli: 1960-njy ýyllaryň ELIZA-sy, GPT-3.5 we GPT-4 bilen söhbetdeş boldy. Gepleşikler bäş minut dowam etdi, şondan soň gatnaşyjylar kim bilen gepleşendigini - janly söhbetdeş bilenmi  ýa-da emeli aň - kesgitlemeli boldular.
GPT-4 özünden ozalky ELIZA-ny (22%) we GPT-3.5-i (50%) ýeňdi, şeýle hem dili ynandyryjy bilmek ussatlygyny we hakyky gepleşikleri alyp barmak ukybyny görkezip, Týuring synagyndan 30% geçdi. Janly söhbetdeşi synagdan geçýänleriň 67% -i tanady.

“Maşynlar kognitiw ýoýulma sezewar bolýarlar, aldanýarlar we manipulirlenýärler hem-de olaryň özleri hem barha aldawçy bolup barýarlar . Bu elementleriň hemmesi adamyň gowşak taraplarynyň we islegleriniň AI ulgamlarynda şöhlelenýändigini we olaryň adama has meňzeşleşýändigini aňladýar "- diýip, AI boýunça barlagçy Nell Uotson pikir ýöredýär.

Týuring synagy - bu matematik we kriptograf Alan Týuring tarapyndan 1950-nji ýylda kompýuteri adamdan tapawutlandyrmak üçin teklip edilen empirik synag. Kazylaryň 30% -den gowragy maşyna sorag berip, ony adam bilen bulaşdyrsa, synagdan geçdi diýip hasaplanýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...