Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň federal ministri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy

  • 26.06.2024 11:28
  • 4.9k+

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalary uly ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şunda Türkmenistanyň öz tarapyndan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň ilerledilmegini goldamaga taýýardygy nygtaldy.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....