Aşgabatda “Dokmaçylar” medeni merkezi açyldy

  • 26.06.2024 11:10
  • 6.4k+

25-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm waka mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
Çykyşynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Jemal Saparowa ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda folklor, etnografiýa, aýdym-saz, tans studiýasynyň açylandygyny ýatlady.

"Şol ýyllarda Siziň janypkeşligiňize, sungata tüýs ýürekden berlendigiňize has ýakyndan şaýat bolmagyma mende-de mümkinçilik döräpdi. Şol ýyllaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde sungatymyzy milli äheňde, milli ruhda dowam etdirmekde, joşgunly çykyşlaryňyz bilen halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda uly işleri alyp bardyňyz. Siz milli saz gurallarymyzda ýerine ýetiren çykyşlaryňyz, «Gyzlar», «Heserli», «Çapak», «Köne güzer», «Bilezik» ýaly tanslaryňyz bilen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny açyp görkezmegi başardyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzdaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary şol geçen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplamak bilen, Diýarymyzda tutulýan tutumly toý-baýramlaryň, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň bezegine öwrüldi" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Öz sungatyň bilen halka hyzmat etmek bilen bir hatarda guramaçylyk, ýolbaşçylyk işlerini alyp barmak, ýaşlara halypalyk edip, olary döredijilige ugrukdyrmak tutanýerli zähmeti, yhlaslylygy talap edýär. Jemal Saparowa hut şeýle jogapkärli işleriň hem hötdesinden gelmegi başarýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamdow sözüni dowam etdi.
Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, dabara bagyşlan “Jemal bagşy Siz” atly goşgusyny okady.

Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,
Ojaklaryň berki halal duzdadyr,
Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,
Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!
Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,
Diýaryma täze taryh ýaraşar,
Parahatlyk sungat bilen gül açar,
Watana söýgüde belent bagtyňyz,
Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!

Soňra hormatly ýaşulular “Dokmaçylar” medeni merkeziniň täze binasynyň toý bagyny kesdiler.
Merkezde giň gerimli forumlary we şowhunly çykyşlary geçirmek üçin 420 orunlyk uly konsert zaly göz öňünde tutulypdyr. Konsert zaly ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sahna, akustik ulgamlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir.
Tans toparlary üçin niýetlenen zalda dabara gatnaşyjylar «Dokmaçylar» çagalar döredijilik toparynyň horeografik sapaklaryna tomaşa etdiler we konsertlere taýýarlyk görmek, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Grim bilen bezemek we lybas üpjünçiligi, wideo we ses ýazgylaryny işlemek üçin ýörite ýerler bölünip berlipdir. Bu ýerde şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça meşgullanmak üçin gurnaklaryň ulgamy hereket eder.
Medeni merkeziň eýwanynda “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň sahna lybaslarynyň we bezegleriniň sergisi guraldy. Dürli ýyllarda geçirilen dabaraly çärelere we konsert maksatnamalaryna gatnaşmak üçin tikilen lybaslar türkmen medeniýetiniň däpleri we özboluşlylygy arkaly folklor keşpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.


düýn 20:34
1.1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......