Toyota beýleki elektromobiller üçin Lexus-yň zarýad beriş stansiýalaryny açdy

  • 26.06.2024 10:42
  • 6.1k+

Toyota Tesla-nyň ABŞ-daky we bütin dünýädäki çemeleşmesine eýerip, Ýaponiýada ähli elektromobiller üçin Lexus brendiniň zarýad beriş  stansiýalaryny açjakdygyny mälim etdi.

Geçen ýylyň iýun aýynda Lexus Tokioda ilkinji çalt zarýad beriş stansiýasyny açdy. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Karuizawanyň çäginde ýerleşen ikinji zarýad stansiýasy resmi taýdan ulanylyşa girizildi. Bu zarýad beriş stansiýalary 150 kWt çenli kuwwatly çalt zarýad beriji gurluşlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Öň, Lexus-yň zarýad beriş stansiýalary diňe Lexus-yň eýeleri üçin elýeterlidi. Awtoulag eýeleri My Lexus programmasy arkaly 60 gün öňünden zarýad beriş ýerini ätiýaçlandyryp, programma arkaly awtomatiki töläp bilýärler. Mundan başga-da, Lexus mugt içgiler, iş ýerleri we hyzmatlar üçin arzanladyş ýaly goşmaça hyzmatlary-da hödürleýär. Indi bu zarýad beriş stansiýalary ähli elektromobil eýeleri üçin elýeterlidir.
Ford Tesla-nyň zarýad beriş stansiýalaryny ulanmak meýilnamalaryny yglan eden ilkinji kompaniýa bolupdy. Soň bu göreldä awtoöndürijileriň ählisi diýen ýaly, şol sanda Toyota we Lexus hem eýerdi.
Belläp geçsek, Tesla-nyň eýýäm ABŞ-da we Kanadada 15 000-den gowrak we tutuş dünýäde 50 000-den gowrak stansiýasy bar. Deňeşdirmek üçin, Lexus 2030-njy ýyla çenli Ýaponiýada 100 töweregi zarýad beriş stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......