Medeniýet hepdeligi-2024 dowam edýär: Forum we “Magtymguly” atly opera spektakly

  • 25.06.2024 23:58
  • 2.7k+

Ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar — medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri, kitaphanaçylar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada gürrüň etdiler.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň bilelikdäki konserti baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgin çaýdy. Birleşen orkestr toparynyň ýerine ýetirmeginde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanan “Kerwen” atly saz ýaňlandy. Umuman, dünýäniň we milli nusgawy sazlarynyň hazynasyndan sazlaşykly ýerine ýetirilen çykyşlar diňleýjilerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Arkadagly Gahryman Serdarymyz” atly ruhubelent aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. 
Günüň baýramçylyk çäreleri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” atly opera spektaklynyň görkezilmegi bilen tamamlandy. Bu sahna eseri ýerine ýetirilen keşpleriň aýdyňlygyny, sazlaryň, lybaslaryň gözelliginiň sazlaşygyny özünde jemledi. Şahyryň gymmatly mirasynyň many-mazmuny opera eserine aýratyn öwüşgin çaýan gaýtalanmajak bezeglerde-de aýdyň beýanyny tapdy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......