Italiýada iki müň ýyl mundan ozal Wezuwiýanyň atylmagy bilen weýran bolan suwa düşülýan kenar açyldy

  • 25.06.2024 16:03
  • 16k+

Italiýanyň Gerkulanum şäherinde b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiýanyň atylmasy wagtynda weýran bolan suwa düşülýän kenar myhmanlar üçin açyldy. Dikeldiş işlerinden soň syýahatçylara bu sebitiň iki müň ýyl ozal nähili bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän kenar deslapky durkuna gaýdyp geldi diýip, The Washington Post ýazýar.

Gerkulanumyň arheologiki seýilgähiniň müdiri Françesko Sirano: "Bu ýere gelýänler ötükden aşak düşýärler we iki müň ýyl yza dolanan ýaly, birden deňziň  kenarynda peýda bolýarlar" – diýip gürrüň berýär.
Gerkulan, goňşy Pompeýe garanda, o diýen tanymal bolmasa-da, artefaktlara baýdyr. 1980-nji we 1990-njy ýyllarda bu ýerde weýran bolan gämi duralgalarynyň aşagyndan 300-den gowrak adamyň we haýwanlaryň galyndylary tapyldy. Rimiň deňiz serkerdesi uly Plininiň gämilerine garaşyp, adamlar bu ýerde külden we lawadan gizlenmäge synanyşandyr diýip çaklanýar.
Çeşmelerden mälim bolşuna görä, Pliniý adamlary halas etmäge synanyşypdyr, ol gämili Stabiýa (Wezuwiýadan 15 km uzaklykda ýerleşýän şäher) gelip, howsala düşen ýerli ilaty köşeşdirmäge çalşypdyr hem-de ýeliň ugrunyň üýtgemegine we deňziň köşeşmegine garaşypdyr, emma ahyrynda özi kataklizmiň pidasy bolupdyr.
Dikeldiş işleri wagtynda kenara täze çäge getirilip ýazylypdyr, bu bolsa gadymy kenaryň hakyky howasyny döretmäge mümkinçilik beripdir. Indi bu ýere gelýänler Gerkulanumyň ýaşaýjylarynyň bir mahallar ýörän kenaryndaky zolakda gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......