OpenAI täze ChatGPT-niň aň taýdan ylymlaryň doktoryndan pes bolmajakdygyny aýdýar

  • 25.06.2024 16:02
  • 2.9k+

OpenAI 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda çykjak meşhur GPT-5 dil modeliniň täze wersiýasy bilen haýran galdyrjakdygyny  wada berdi. Kompaniýanyň tehniki direktory Mira Muratiniň sözlerine görä, GPT-5 belli bir işleri ýerine ýetirmekde ylymlaryň kandidaty bilen deňeçer akyl görkezer.

Murati GPT-modelleriniň ösüşini adam ösüşiniň basgançaklary bilen deňeşdirdi: GPT-3 ýaş çaganyň akyl-paýhasyna, GPT-4 bolsa - orta mekdebi gutaran adamyňka laýyk gelýär.

“Ondan soňraky birnäçe ýylyň dowamynda Ph.D. (ylymlaryň kandidaty bilen deňeçer - redaktoryň belligi) derejesindäki intellekte serederis. Şeýlelik bilen, ýagdaýlar çalt üýtgeýär we gowulaşýar "- diýip, OpenAI-yň tehniki direktory belledi.

GPT-5-iň şu ýyl çykarmagyna garaşylýardy, ýöne kompaniýa GPT-4o-nyň çaltlaşdyrylan we goşmaça taýýarlanan görnüşini hödürledi. Bu model çäklendirilen tertipde ähli ulanyjylar üçin mugt elýeterlidir, tölegli abuna gündizki limiti ýokarlandyrýar.
Hünärmenleriň pikirine görä, täze model has uly mümkinçiliklere eýe bolup, emeli aň hakyndaky pikiri düýpgöter üýtgedip biler.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......