Türkmenistanyň ilçisi Wýetnamyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 24.06.2024 12:20
  • 5.9k+

21-nji iýunda Hanoý şäherinde Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýew Wýetnamyň Prezidenti To Lama ynanç hatyny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň başynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....