Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär

  • 24.06.2024 12:16
  • 2.7k+

22-nji iýunda Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy giň gerimli medeni-köpçülik çärelerine baý boldy.

23-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly çykyşlary guraldy.
Giň gerimli forum Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda dowam etdi. Bu ýerde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly döredijilik agşamy geçirilip, oňa Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köp sanly muşdaklary gatnaşdy.
Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň çäreleri Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda guralan giň gerimli konsert bilen tamamlandy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeniýet hem-de sungat ussatlary çykyş etdiler.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......