BMGÖM bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

  • 23.06.2024 15:02
  • 8.6k+

20-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny güýçlendirmek we durnukly ösüş tejribesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler. Bu barada BMGÖM-iň resmi saýtynda habar berilýär.

Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama BMGÖM bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda ýurduň ilatyna jemgyýetçilik bilim hyzmatlaryny bermek ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga esas döredýär. Ylalaşyk, Türkmenistanda bilim maksatnamalaryny gowulandyrmak, adam hukuklary we gender deňligi ýörelgelerini birleşdirmek, howanyň üýtgemegi başlangyçlaryny goldamak we Türkmenistandaky bilim edaralary arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek meselesinde umumy tagallalary görkezýär.
Bu ähtnamanyň esasy ugry, sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Öňdebaryjy tehnologiýany ulanyp, ilatyň zerurlyklaryny has gowy kanagatlandyryp biljek has täsirli we öz içine alyjy bilim ulgamyny döretmegi maksat edinýär.


BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Sahakýan: “Bu özara düşünişmek hakyndaky ähtnama Türkmenistanda sanly bilimi we durnukly ösüşi gowulandyrmak üçin möhüm ädimdir” -diýip belledi. “Innowasiýa we tehnologiýany ulanyp, hemmelere peýdaly we täsirli bilim ulgamyny döretmäge çalyşýarys.” diýip, belläp geçdi.


düýn 18:59
2.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

düýn 16:18
739

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.3k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......