Huawei Apple-e jogap hökmünde Harmony Intelligence emeli aň modelini hödürledi

  • 22.06.2024 22:27
  • 3.3k+

Huawei kompaniýasy özüniň emeli aň ulgamyny – Harmony Intelligence-i hödürledi. Ol täze HarmonyOS NEXT operasion sistemasyna giriziler. Bu barada IT Home neşiri habar berýär.

Tanyşdyrylyş Dunguanda (Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýaty) geçirilen işläp düzüjileriň konferensiýasynda – Huawei Developer Conference 2024-de boldy.
Harmony Intelligence birnäçe funksiýalary hödürleýär. Emeli aňyň kömegi bilen suratlary redaktirlemek: suratlardan obýektleri aýyrmak, olaryň reňkini üýtgetmek, suratlaryň ölçegini sazlamak bolar.
Ses kömekçisi görüşi pes bolan ulanyjylar üçin şekili suratlandyryp biler. Kömekçi has çylşyrymly ýumuşlary-da ýerine ýetirip bilýär, mysal üçin, bar bolan önümleriň esasynda nähili tagam taýýarlap boljakdygyny aýdar.
Täze OS-da emeli aňyň kömegi bilen ses dikeldiş funksiýasy-da peýda bolar. Ol sözleýiş bozulmalary bolan ulanyjylara kömek eder. Sistema tekst bilen hem işläp, hatyň stilini kämilleşdirmäge kömek eder, makalalaryň tekstlerini aýdyp berer we elektron poçtadan hatlaryň daýjestini döreder.
Harmony Intelligence funksiýalarynyň 2024-nji ýylyň ahyrynda elýeterli bolmagyna garaşylýar.
Belläp geçsek, emeli aň funksiýalarynyň köp babatda meňzeş bukjasyny ozal Apple hödürläpdi. Sistema Apple Intelligence adyny aldy. Ol iOS-y we beýleki operasion sistemalary has akylly etmäge gönükdirilendir.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...