Ferrari-den ilkinji elektrik awtoulagyň bahasy 500 müň dollardan geçer

  • 22.06.2024 18:50
  • 4.1k+

Italiýanyň Ferrari kompaniýasynyň ilkinji elektrik awtoulagynyň bahasy 500 000 dollardan gowrak bolar. Bu barada ýagdaýa ýakyn çeşmelere salgylanýan  Reuters habar berdi.

Bahasy, ulaga goşuljak aýratyn sazlamalara we enjamlara baglylykda, 15-20% gymmat bolup bilner. Ilkinji modeli 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarmak meýilleşdirilýär.
Bu çäräniň öňüsyrasynda Ferrari Italiýanyň demirgazygyndaky Maranello şäherinde elektrik ulag öndürýän täze zawody işe girizmäge taýýarlanýar. Zawody indiki hepdäniň başynda açmak meýilleşdirilýär.
Çeşmeler täze zawodyň, Ferrari-niň elektromobillerini hem goşmak bilen, awtoulag önümçiligini häzirki 14 000-liginden 20 000-e çenli artdyrmagyna mümkinçilik berjekdigini çaklaýar.
Şonuň bilen birlikde, Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask çykdajylary optimallaşdyrmagyň we elýeterli elektrik ulaglarynyň önümçiligini çaltlaşdyrmagyň ýoluny gözleýär, Ford hem şol maksat bilen tejribeli inženerleri işe alýar we Hyundai 20 000 dollarlyk Inster-i bazara hödürläp, ony “innowasiýa” aýratynlykly we “täzeden göz öňünde tutulan” ülňüdäki elýeterli elektrik awtoulagynyň ornunda goýýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......