Italiýanyň Sisiliýa sebitinde ykdysadyýeti janlandyrmak üçin jaýlar 3 ýewrodan satylýar

  • 21.06.2024 12:45
  • 10k+

Sambuka-di-Sisiliýa italýan kommunasynyň ýolbaşçylary başlangyç bahasy bary-ýogy 3 ýewrodan 12 töweregi jaýy satlyga çykardy. Başlangyjyň maksady - täze ýaşaýjylary çekmek we sebitiň ykdysadyýetini höweslendirmek diýip, CNN habar berýär.

Sambukada beýle arzanlaşygyň geçirilişi ilkinji gezek däl: 2019-njy ýylda şeýle maksatnama ýerli ykdysadyýete 20 million ýewro çekmäge kömek etdi.
Teklip edilýän jaýlaryň meýdany 50-80 inedördül metr bolup, altynsow-goňur daşdan gurlan. Olaryň gurluşy we binýady gowy bolsa-da, abatlanyşa, öň tarapy abadanlaşdyrylmaga, şeýle hem içi bejergä mätäç.
Köne Sarasin töwereginde ýerleşýän jaýlarda demir balkonlar, töwerek görünýän  terrasalar, üýgeşik ýaşyl gapylar bar, käbirlerinde limon agaçlary we gadymy maýolikadan kafel pollary bilen özüne çekýän mawritan äheňindäki howlular bar.

“Häzir auksion üçin iň amatly pursat. Häzirki wagtda Italiýada syýahat edýän syýahatçylar we gyzyklanýan alyjylar gelip, jaýlary görüp bilerler "-diýip, kommunnanyň häkimi Juzeppe Kaçioppo mälim etdi.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......