Akio Toýoda dawaly ýagdaýa garamazdan, Toyota-nyň ýolbaşçysy wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 20.06.2024 14:40
  • 10k+

Toyota-ny esaslandyryjy Kiitiro Toýodanyň agtygy Akio Toýoda kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy. IXBT-iň habar bermegine görä, karar paýdarlaryň ýygnagynda kabul edilip, Toýoda direktorlar geňeşiniň beýleki dokuz agzasy bilen birlikde öz wezipesinde galdy.

Toýoda sport ulaglaryna bolan höwesi we gibrid tehnologiýany öňe sürýändigi bilen tanalýar. Şeýle-de bolsa, ol Toyota elektrik ulaglaryny haýal ornaşdyrýanlygy üçin tankyt edilipdi. Satuwda üstünlik gazanyp, ýyllyk girdejisiniň rekord derejede ýokary bolandygyna garamazdan, Toýodanyň gaýtadan saýlanmagy jedelli boldy.
Ýylyň başynda kompaniýa kraş-synagyň maglumatlaryny galplaşdyrmakda aýyplanyp, Toyota-nyň paýnamalarynyň 10% pese gaçmagyna sebäp boldy. Akio Toýoda müşderileriniň öňünde ötünç soramaly bolupdy.
Şol bir wagtda, Akio Toýodanyň ýapon awtoulag öndürijisiniň GR Yaris we GR Corolla ýaly, iň uly taslamalarynda esasy rol oýnandygyny bellemelidiris. Geçen ýyl Toyota-yň gibrid tehnologiýany ösdürmäge beren ünsi bolsa oňa Ýaponiýanyň taryhynda iň uly ýyllyk girdejini gazanmaga kömek etdi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......