Toyota maglumatlaryň galplaşdyrylmagynyň netijesinde $15,6 mlrd ýitirdi

  • 12.06.2024 13:39
  • 6.1k+

Ýakynda awtoulaglary şahadatnamalaşdyrmakda ulanylan maglumatlaryň galplaşdyrylmagy bilen bagly gozgalan iş Toyota konserniniň maliýe ýagdaýyna ýaramaz täsir etdi. CNBC-niň hasaby boýunça, ýapon awtoöndürijisiniň kapitalizasiýasy 15,6 mlrd dollar peseldi.

Toyota-nyň paýnamalary 5,4% arzanlady, bu hem kompaniýanyň bazar bahasynyň 2,45 trln ýena azalmagyna getirdi. Bahalaryň şeýle peselişi synag netijelerini galplaşdyrmakda üsti açylan beýleki öndürijilerde hem hasaba alyndy. Mazda-nyň paýnamalary 7,7%, Honda-nyň paýnamalary 5,8% arzanlady. Sähel pese gaçyş Yamaha we Suzuki kompaniýalarynyň paýnamalaryna-da täsir etdi.
Duşenbe güni, 10-njy iýunda kompaniýalaryň ählisiniň paýnamalary birneme ösüşi görkezdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, wakanyň ýaramaz täsiri tükenen bolsa gerek.
Ýaponiýanyň Ulag ministrligi derňew işini tamamlap, Toyota, Mazda we Yamaha kompaniýalaryna birnäçe awtomobilleriň we motosiklleriň satuwyny togtatmagy tabşyrdy. Umuman alanyňda, täze şahadatnamalaşdyryşdan öň alty model satuwdan aýryldy. Satuw gadaganlygy Honda we Suzuki kompaniýalaryna täsir etmedi.


26.02.2025 15:14
5.2k+

Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar. 1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen...

26.12.2024 17:42
16k+

Toyota önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, ýene-de satuw rekordyny täzelemegi başardy

Toyota dünýä boýunça satuwynda ösüş görkezmegini dowam edýär. Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi, on aý bäri awtoulag önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, noýabr aýynda satuw mukdary boýunça rekordyny täzeledi...

13.10.2024 16:01
3.4k+

Apple yzygider on ikinji ýyl iň gymmat brend bolmagynda galýar

Apple brendi eýýäm on iki ýyl bäri dünýäde iň gymmat brend bolmagynda galýar. Bu barada her ýyl Interbrand Corp. tarapyndan düzülýän Best Global Brands reýtinginiň maglumatlaryna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär...

09.05.2024 12:17
11k+

Toyota 5 trillion ýenadan gowrak amaly girdeji gazanan ilkinji ýapon kompaniýasy boldy

Toyota Motor 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň mart aýy) 5,35 trillion ýena (34,4 milliard dollar) girdeji gazanandygyny mälim etdi. NHK teleýaýlymyna salgylanýan TASS-yň ýazmagyna...