Toyota 5 trillion ýenadan gowrak amaly girdeji gazanan ilkinji ýapon kompaniýasy boldy

  • 09.05.2024 12:17
  • 11k+

Toyota Motor 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň mart aýy) 5,35 trillion ýena (34,4 milliard dollar) girdeji gazanandygyny mälim etdi. NHK teleýaýlymyna salgylanýan TASS-yň ýazmagyna görä, kompaniýanyň ýyllyk amaly girdejisiniň 5 trillion ýenadan geçmegi - bu Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji gezek gabat gelýän wakadyr.

Bu görkeziji Toyota, Daihatsu we Hino golçur kärhanalarynyň netijelerini öz içine alýar. Ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende 96,4% ýokarlandy, bu esasan ýeniň dollara bolan gatnaşykda hümmetiniň gowşaklygy bilen baglanyşykly boldy. Konserniň arassa girdejisi hem rekord derejä ýetdi - 4,9 trillion ýena (31,5 milliard dollar).
Toyota-yň 2023-nji ýylda gazanan üstünligi birnäçe faktor bilen şertlendirilýär. ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada islegiň güýçlenmegi sebäpli, global satuw 7,3 göterim ýokarlap, 10,3 million awtoulag boldy.
Umumy ösüşe garamazdan, dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolan Hytaýda Toyota awtoulaglarynyň satuwy kemeldi.


30.01.2026 11:02
1.3k+

WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar

Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar...

27.01.2026 11:44
1.6k+

Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi

2025-nji ýylyň netijelerine görä, Ýaponiýada smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung kompaniýasy Android enjamlaryň bazarynda lider boldy. Bu baradaky maglumatlar ýurduň elektronika dükanlarynyň kassa terminallaryndan we iň iri onlaýn satyjylaryň hasabatlaryndan alyndy...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...

26.02.2025 15:14
5.4k+

Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar. 1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen...