Xiaomi rekord satuwy geçirdi: satyn alyşlaryň mukdary 3,6 mlrd dollardan geçdi

  • 20.06.2024 13:07
  • 5k+

Xiaomi 18-nji iýunda Hytaýda tamamlanan 618 satuwynyň uly üstünligi barada habar berdi. Satyn alyşlaryň umumy mukdary 3,6 mlrd dollardan geçip, şeýle statistikany hasaplamagyň taryhynda absolýut rekord boldy diýip, MyDrivers belleýär.

Xiaomi-niň baş müdiri Leý Szýun ähli müşderilere goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, Xiaomi smartfonlarynyň JD.com, Tmall, Pinduoduo, Douyin we Kuaishou ýaly Hytaýyň esasy platformalarynda satuw liderleri bolandygyny belledi.
Aýratynam, Redmi K70 modeli meşhurlyk gazandy, ol Hytaýda hatda iPhone 15-den hem öňe geçip, iň köp satylan smartfon boldy (ol muny başaran ýeke-täk Android smartfony boldy).
Redmi 70E we Redmi Note 13 Pro hem gowy netijeleri görkezip, umumy sanawda, degişlilikde, ýedinji we sekizinji orunlary eýelediler.
Smartfonlardan başga-da, Xiaomi planşetleriň, akylly gapy gulplarynyň, suw arassalaýjy enjamlaryň, tozan sorujy robotlaryň, howa arassalaýjylaryň, wentilýatorlaryň, kameralaryň we beýleki harytlaryň hem satuwynda ösüşi hasaba aldy.


14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 19:44
4.5k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

30.04.2026 20:03
5.8k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......