Türkmen hirurglary Nýurnbergde hünärlerini ýokarlandyrýarlar

  • 19.06.2024 16:46
  • 21k+

Alty hepdelik tejribe alyşmak maksatnamasynyň çäklerinde türkmen hirurglarynyň topary Germaniýanyň torakal we umumy hirurgiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinden biri bolan Nýurenberg klinikasynda tejribe geçýär. Bu barada lukmançylyk edarasynyň web sahypasynda habar berildi.

Klinikanyň baş lukmany, professor Markus Diner we onuň topary türkmen kärdeşlerini edarada ulanylýan öňdebaryjy bejeriş usullary we iň oňat tejribeleri bilen tanyşdyrýar.

Türkmen hirurg lukmany Adyl Allambergenow: "Bizi nemes lukmançylygynda esasanam hil standartlary gyzyklandyrýar" – diýip belledi.

Tejribe gutarandan soň, myhmanlar alan bilimlerini we başarnyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler, şol sanda aşgazanasty mäziniň operasiýalaryny we torakal çäreleri giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.
Soňky ýyllarda ýüzlerçe türkmen lukmanlarynyň Germaniýanyň lukmançylyk merkezlerinde tälim we tejribe geçendigini bellemelidiris. Häzirki wagtda taraplar birek-biregi tejribe alyşmaga çagyryp, akademiki hyzmatdaşlygy we amaly gatnaşygy güýçlendirýärler. Nemes professorlary Türkmenistana çagyrylýar. Hünärmenler seminarlary geçirýärler, bilimlerini we başarnyklaryny türkmen kärdeşleri bilen paýlaşýarlar, çylşyrymly neýrohirurgiki amallary, şöhle arkaly anyklaýyş usullaryny, angiografiýany we näsaglary bejermekdäki iň soňky çemeleşmeleri öwredýärler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......