Täze Volkswagen Golf we Golf GTI hödürlendi

  • 18.06.2024 10:20
  • 5.7k+

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrligi Volkswagen Golf we Golf GTI-niň täze görnüşlerini makullady we modelleriň 2024-nji ýylda Hytaý bazaryna çykjakdygyny tassyklady. Täzelenen awtoulaglar daşarda we içerde döwrebaplaşdyrylan dizaýny aldylar diýip, IXBT habar berýär.

Golf-yň täzelenen görnüşi, häzirki wagtda LED görnüşli gündiz işleýän yşyklar bilen enjamlaşdyrylan faralaryň görnüşini, şeýle hem öň töwereginiň görnüşini üýtgetdi. GTI, aşaky bamperiniň gapdallarynda bäş nokatly LED toparlary bilen tapawutlanýar. Yzky çyralary garaňky dizaýna eýedir we onda adaty we R-Line görnüşindäki gaz çykaryjy ulgamy gizlenendir. GTI goşa gaz çykaryjy shemasy we bogažyň gapagynda GTI ýazgysy bilen üpjün edilendir.
Awtoulaglaryň ölçegleri hem tapawutlanýar: adaty Golf-yň ölçegleri 4289 x 1788 x 1479 mm deňdir, GTI - 4289 x 1788 x 1468 mm. Iki görnüşiňem teker bazasy - 2631 mm.
Adaty Golf kuwwatlygy 118kWt 1,5 litrlik turbo hereketlendiriji bilen, GTI bolsa kuwwatlylygy 162kW 2.0 litrlik turbo dört silindrli hereketlendiriji bilen üpjün ediler.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......