Volkswagen ykjam Tharu XR 2024 krossowerini tanyşdyrdy

  • 17.06.2024 22:37
  • 3.6k+

Volkswagen Hytaýda ykjam Tharu XR 2024 krossowerini hödürledi. Täze awtoulag häzirki Tharu-dan biraz kiçi we Tiguan L PRO-ny ýada salýar diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrligine salgylanýan IXBT ýazýar.

Tharu XR bölünen faralar we yzky çyralar, üçekdäki ýükgoýar we görünmeýän gaz çykaryş ulgamy ýaly birnäçe tapawutly aýratynlyklara eýe. Şeýle hem bu model dürli hili tekerli, faraly, radiator gözenekli, öňdäki bamperli we lýukly görnüşlerde hödürlenýär.
Tharu XR-iň ölçegleri - uzynlygy, ini we beýikligi degişlilikde 4355 x 1762 x 1605 mm, teker bazasy - 2651 mm. Şol bir wagtda, häzirki Tharunyň ölçegi 4458 x 1841 x 1632 mm, tekerli bazasy 2680 mm.
Tharu XR iki görnüşli benzin hereketlendirijisi - 81kWt ýa-da 118kWt öndürýän 1,5L benzinli hereketlendiriji bilen hödürlenýär.
Täze krossoweriň resmi bahasy entek yglan edilmedi. Tharu XR -iň şu ýyl Hytaý bazarynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. 


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......