Medeniýet Şahberdiýewanyň we Maýa Kulyýewanyň hormatyna ýörite baýraklar döredildi

  • 17.06.2024 18:26
  • 8.5k+

Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň sesi” atly Moskwa halkara sungat festiwaly geçmişiň meşhur türkmen aýdymçylarynyň hormatyna birnäçe ýörite baýraklary döretdi. Bu barada festiwalyň art-direktory, pianinoçy Mamed Guseýnow aýtdy.

Döredilen baýraklaryň arasynda “Nury Halmämmedowyň wokal eserleriniň iň gowy ýerine ýetirilişi üçin” Medeniýet (Maýa) Şahberdiýewa adyndaky baýrak, “Etno-medeni däp-dessurlara esaslanan kamera eseriniň iň gowy ýerine ýetirilişi üçin” Maýa (Mamajan) Kulyýewa adyndaky baýrak bar. Baýraklar ýaş ýerine ýetirijileri döredijilik işine höweslendirmäge gönükdirilen bolup, her ýyl berler.
Baýraga dalaşgärler festiwalyň çäklerinde “Wokal sungaty” nominasiýasynda geçirilýän bäsleşigiň laureatlarynyň arasyndan saýlanar. Birinji sylaglama dabarasy 2024-nji ýylda “Dutaryň sesi” festiwalynyň Gala-konsertinde geçiriler.
Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň sesi” atly VIII Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäklerinde etno-medeni däp-dessurlara esaslanan akademiki aýdym-sazyň iň gowy ýerine ýetirilişi boýunça sazandalar bäsleşigine arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.


25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......