Samsung Siriniň bäsdeşini gowulandyrmak üçin Apple-iň öňki inženerini hakyna tutdy

  • 16.06.2024 11:32
  • 4.6k+

Samsung kompaniýasy özüniň Bixby ses kömekçisini kämilleşdirmegi meýilleşdirýär. Munuň üstünde işlemek üçin Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Siri kömekçisini işläp taýýarlamaga gatnaşan, Apple-iň öňki işgäri Murat Akbaçaky hakyna tutdy diýip, Bloomberg neşiri ýazýar.

Kompaniýa Samsungyň ses kömekçisiniň Siri-den pesdigine göz ýetirensoň, muny düzetmekde inženeriň tejribesine we bilimine bil baglaýar.
Öň Siriniň kontekste we gepleşige düşünişine jogap beren Akbaçak indi Bixby-niň akyl-paýhas ukyplaryny ýokarlandyrmagyň üstünde işlär. Seljerijileriň pikirine görä, bu Samsung-yň ses kömekçisiniň ösüşinde ep-esli öňe gidişligine sebäp bolup biler.
Bu ädim dünýäniň iň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň emeli aň ulanýan tehnologiýalary ösdürmäge dalaş edýändikleriniň ýene bir alamatydyr diýip, bilermenler belleýärler.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......