Gruziýa “Ýewro – 2024-e” gatnaşmagy mynasybetli ýörite teňňelerini çykarar

  • 16.06.2024 11:11
  • 4.2k+

Gruziýanyň Milli banky Gruziýanyň milli futbol ýygyndysynyň 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatyna gatnaşmagy mynasybetli ýörite şaýy pullaryň çykaryljakdygyny mälim etdi. Bäş lari bahaly şaýylar altyndan we kümüşden taýýarlanar diýip, TASS habar berýär.

Şaýylaryň dizaýny Gruziýanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Teňňäniň bir tarapynda gowşaklygy ýeňip geçmegiň nyşany bolan aždarha bilen söweşýän atlyny öz içine alýan milli ýygyndynyň logotipi şekillendirilen, şeýle-de “Men – Gruziýa” diýen ýazgy bar.
Şaýynyň beýleki bir tarapynda Gruziýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesiniň dizaýny hödürlenýär. Gruzin we iňlis dillerindäki ýazgylar nominaly we çykyş senesini görkezýär.
Şaýylar Litwanyň zikgehanasynda çykarylar we ýylyň ahyryna çenli satuwa çykar.
Ýatlap geçsek, Gruziýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýar. Topar “F” toparçasynda Türkiýä, Portugaliýa we Çehiýa garşy oýnar.


24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

18.06.2026 10:26
815

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

04.04.2026 22:25
2.9k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi birnäçe duşuşyklary geçirdi: syýasat, ykdysadyýet we lukmançylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek......

01.04.2026 08:02
4.2k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat......