Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

  • 16.06.2024 09:16
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen gutlady.

“Türkmen halky müňýyllyklardan bäri tämiz we aýdyň ýörelgelere eýerip gelýän, dünýä, ýaşaýyş, ynsan, dostluk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, döwletlilik baradaky garaýyşlaryny, ynançdyr adatlaryny, däp-dessurlaryny kämil derejä ýetiren halklaryň biridir. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemlän merdana pederlerimiziň adamkärçilik, açykgöwünlilik, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly ýörelgeleriň kämilleşmeginde, aýratyn-da, Gurban baýramynyň ruhy-ahlak taýdan bitewülige we tämizlige, belent ynsanperwerlige çagyrýan mukaddes baýramlaryň birine öwrülmeginde uly hyzmatlary bardyr” diýlip, Gutlagda aýdylýar.
“Watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, parz ýörelgeleri berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýylynda hem Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberdik” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......