Antarktidada ýaşy 1 milliard ýyl bolan dag jynslarynyň nusgalary alyndy

  • 16.06.2024 01:45
  • 13k+

Antarktidanyň buz gatlagynyň astyndan ýaşy 1 milliard töweregi bolan dag jynslarynyň nusgalary alyndy diýip, TASS habar berýär.

Taslamany akademik I.S. Gramberg adyndaky Bütinrussiýa Dünýä ummanynyň geologiýasy we mineral baýlyklary ylmy-barlag institutynyň alymlary (WNIIOkeangeologiýa) hytaýly kärdeşleri bilen bilelikdäki amala aşyrdylar.
Nusgalar Antarktidanyň esasy ýerli belentliginiň ýokarsynda, magnit anomaliýasynyň merkezinde burawlanan 550 metrden gowrak çuňlukdaky guýynyň düýbünden alyndy.
Bu dag jynslary giçki Proterozoýda, ýagny Ýer ýüzünde Rodiniýa super yklymy emele gelen wagty dörändir diýip çak edilýär. Nusgalary öwrenmek alymlara magnit anomaliýasynyň gelip çykyşyny, şeýle hem Antarktidanyň we umuman, planetanyň geologiki taryhyny açmaga kömek eder.
Barlaglar Hytaýyň Geologiýa ylymlary uniwersitetiniň WNIIOkeangeologiýa barlaghanalarynda geçiriler. Buzdan dag jynslary Arktika we Antarktika institutynyň howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi barlaghanasynda öwreniler.


düýn 23:37
1.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......