Indi YouTube Music-de aýdymlary dürli enjamlarda galan ýerinden diňläp bolýar

  • 23.07.2025 15:13
  • 2.8k+

Google kompaniýasy YouTube Music-de dürli gurluşlarda aýdymlary galan ýerinden diňlemegi dowam etdirmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany hödürledi. Bu barada Android Police habar berýär.

Funksiýa programmanyň 8.26.51 wersiýasynda elýeterli we smartfonlarda, planşetlerde, kompýuterlerde, telewizorlarda we web-brauzerde işleýär. Ulanyjy aýdym diňlemegini bir gurluşda togtadyp, ony beýleki bir gurluşda galan ýerinden dowam etdirip biler.
Programmanyň baş sahypasynda aýdymlaryň aşagynda galan ýeriňi görkezýän progres zolagy bar. Dowam etdirmek üçin aýdymy saýlamak ýeterlik.
Funksiýanyň aýratynlygy birbada birnäçe doly diňlenmedik aýdymlary, albomlary we pleýlistleri ýatda saklamagydyr. Ýagny, hyzmat her bir aýdym-saz kolleksiýasy üçin diňleniş ýagdaýyny ýatda saklap, programma başga bir gurluşda açylanda-da, ählisini galan ýerinden dowam etdirýär. Bu hem YouTube Music-i aýdymlary dürli gurluşlarda diňleýän ulanyjylar üçin has amatly edýär.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......