Internetsiz işleýän Bitchat messenjeri indi App Store-da elýeterli boldy

  • 31.07.2025 21:08
  • 7.7k+

Twitter-i esaslandyryjylaryň biri Jek Dorsi tarapyndan döredilen Bitchat gysga beta-synagdan soň resmi taýdan App Store-da çykdy. Bu programma ulanyjylaryň arasyndaky aragatnaşyk üçin Bluetooth ulanyp, interneti, telefon belgisini, serwerleri ýa-da elektron poçtany talap etmeýär.

Bitchat gizlinlige gönükdirilen bolup, merkezleşdirilen däldir. Ol serwerleri, akkauntlary ulanmaýar we ulanyjy maglumatlaryny ýygnamaýar. Programma işe girizilende ulanyja tötänleýin nik berilýär, ony üýtgedip hem bolýar. Çepe geçirmek ýa-da “Ulanyjylar” nyşanyna basmak Bluetooth-yň hereket edýän töwereginde çat üçin elýeterli bolan adamlary görkezýär. Olaryň birine basyp, gizlin çata başlap bolýar.
Habarlar hatda gönüden-göni arabaglanyşyk bolmasa-da, golaýdaky beýleki Bitchat ulanyjylaryň gurluşlarynyň üsti bilen gerekli ulanyja ýetirilýär. Ähli habarlar şifrler arkaly goralan. “Howsala režimi” funksiýasy interfeýsdäki logotipe üç gezek basmak arkaly programmanyň ähli maglumatlaryny bozmaga mümkinçilik berýär.
Dorsi iOS wersiýada heniz Android gurluşlar bilen arabaglanyşyga päsgel berýän ýalňyşlygyň bardygyny tassyklady, ýöne düzediş eýýäm App Store-a iberildi. Düzediş tiz wagtdan täzelenmede peýda bolar. Ýene bir kemçilik, Bitchat arkaly faýllary, suratlary we beýleki resminamalary iberip bolmaýar. Diňe tekst habarlary elýeterlidir.
Taslama doly open-source çykaryldy, onuň kody GitHub-da goýuldy. Bu dünýäniň ähli ýerinden işläp düzüjileriň we höwesjeňleriň programmany öwrenip, ony kämilleşdirip ýa-da öz wersiýalaryny döredip biljekdigini aňladýar.
Android gurluşlar üçin programmany GitHub bilen ýükläp bolýar. Google Play-de meňzeş atly birnäçe programmalar ýerleşdirildi, ýöne olar diňe Dorsiniň programmasy bolan bolup, ýüzlerçe müň ýükleme ýygnaýar. Işläp düzüjiler ýalan programmalardan seresap bolmagy maslahat berdi.
Ulanyjylar programmanyň ykjam göwrümini (2 MB) we internetiň tutmaýan ýerlerinde, mysal üçin, metroda, uçarlarda ýa-da internet birikmesiniň gowşak bolan ýerlerinde ulanmak üçin amatlydygyny belleýär. 

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......