Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler

  • 22.07.2025 12:37
  • 6k+

Hytaýly we şwesiýaly alymlar batareýalaryň geljegini düýpgöter üýtgedip biljek täze F-QSCE30 elektrolitini oýlap tapdylar. Ol 60 gradus Selsiýada 350 gezek zarýad berliş-zarýad çöküş aýlawyndan soň batareýanyň kuwwatynyň 100%-ini diýen ýaly saklamaga we 4000 sagatdan gowrak peselmezden durnukly işlemäge mümkinçilik berdi.

Tehnologiýa ion transportyny güýçlendirýän we işjeňleşdirme energiýasyny 0,25 eW-e çenli azaldýan ftorly segmentlere esaslanýar. Ultramelewşe bilen işlenip bejerilen, aýna süýüminden edilen üýtgeşik aýna membranasy ýanmaýar ýa-da ýanmak töwekgelçiligini aradan aýyrmak bilen, akmaýar.
Şeýle akkumulýator bilen 500 km ýöreýiş ätiýaçlygy bolan elektrik awtoulagyň sygymynyň 90%-ini saklamak bilen, bir million kilometre çenli ýol geçip biler. Önümçilik häzirki roll-to-roll hatarlarynda mümkindir (materiallar rulondan rulona saralýan üznüksiz lenta görnüşinde berilmek we gaýtadan işlenmek bilen, batareýanyň bölekleriniň öndüriliş prosesi. Bu usul, esasanam, çeýe we inçe plýonkaly batareýalar üçin ýokary önümçilik tizligini we netijeliligini üpjün edýär. Mundan başga-da, ol materialyň galyndysyny we önümçilik çykdajylaryny azaldýar, çünki gaýtadan işlemek üznüksiz dowam edýär).
Geljekde tehnologiýany natriý we sink batareýalaryna hem uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýärler.
Bu ösüş eýýäm USABC 2030-yň maksatlaryna laýyk gelýär we dykyzlygy 400 Wt·ç/kg-a çenli bolan batareýalar üçin hem awtoulaglar, hem energiýa saklamak üçin esas bolup biler.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

02.06.2026 17:40
6.4k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....