Hytaý gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek üçin iň kuwwatly georadary işe girizdi

  • 25.09.2025 20:36
  • 7.7k+

Hytaý ýere we suwa çuň aralaşyp biljek dünýäde iň güýçli georadary ulanyp başlady. Ilkibaşda Wireless Electromagnetic Method (WEM) ulgamy suwasty gämiler bilen aragatnaşygy saklamak üçin döredildi, ýöne bäş ýyl ozal ol geologiki gözlegler üçin ulanylyp başlandy diýip, South China Morning Post habar berýär.

Radaryň kömegi bilen eýýäm 490 mln tonnalyk altynyň we litiý magdanlarynyň uly ýataklary tapyldy. Desga merkezi Hytaýda 80 we 120 km uzynlykdaky iki perpendikulýar antennadan ybarat bolup, onuň meýdany Nýu-Ýorkdan hem uludyr. Elektrik geçirijisiniň kuwwaty 500 kWt, iş ýygylygy 0,1 Gs-den 300 Gs-e ýetýär, bu hem signala ýeriň üstünden has çuňluga aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Tehnologiýa signalyň polýarizasiýasyny we geçirijilik ölçeglerini maglumat seljermesi hem-de emeli aň bilen utgaşdyrýar. Bu hem tehnologiýa hatda “sesli” ýerlerde, mysal üçin, elektrik geçiriji liniýalaryň ýanynda işlemäge mümkinçilik berýär.
Şeýle ulgamyň kömegi bilen Hytaý 500 metrden başlap, 3 kilometre çenli çuňluklary öwrenip biler. Bilermenler munuň ýurda senagat we energetika üçin strategiki taýdan möhüm baýlyklara elýeterli bolmaga mümkinçilik berjekdigini belleýär. 


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

21.05.2026 12:26
7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

17.05.2026 20:04
2.6k+

Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler

«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda......