5000 dollarlyk robot-balyk akwariumdaky janly arowananyň ýerini tutar

  • 05.05.2026 23:03
  • 3.1k+

Hytaýyň FullDepth kompaniýasy «Bionic Arowana» atly robotlaşdyrylan balygyny hödürledi. Bu roboty akwariumlarda saklanylýan hakyky arowana balygynyň ornuna, täze bir alternatiwa hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

Arowana – Amazonka derýasynda ýaşaýan uly süýji suw balygydyr. Bu balyga diňe janly iýmitiň, ýörite görkezijileri bolan örän arassa suwuň we äpet akwariumlaryň gerekdigi sebäpli saklamak örän kyndyr.

Arowanalar tebigatda 122 santimetre çenli ösüp bilýärler. «Bionic Arowana» robotynyň uzynlygy 69 sm, beýikligi 20 sm, agramy bolsa 3,8 kg. Ol hakyky balygyň hereketlerini gaýtalaýar we tizligi sagatda 1,9 km-e ýetýär.

Akkumulýatorynyň bir gezekki zarýady takmynan 12 sagat işlemäge ukyply robot, akwariumyň içinde özbaşdak ýüzüp, 20 metr çuňluga çenli çümüp bilýär. Şeýle hem ony uzakdan dolandyrmak funksiýasy bar, ýöne ol diňe suwuň ýüzünde işleýär.

Häzirlikçe bu önüm Hytaýdan daşarda satuwa çykarylmady. Onuň takmynan bahasy 5000 müň dollar töweregi bolar diýlip garaşylýar. Öndürijiniň bellemegine görä, hakyky arowana balyklarynyň bahasy käwagt ýüzlerçe müň dollara çenli ýetip bilýär. Muny göz öňünde tutanyňda, hakykatdan hem robot-balyk has amatly we aňsat çözgüt bolup durýar.


şu gün 16:10
511

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

düýn 09:37
1.7k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
911

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....