Geljekki Mars missiýasy üçin iň uly paraşýut stratosferada synag edildi

  • 28.07.2025 17:38
  • 2.4k+

Thales Alenia Space-iň we Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) işgärleri ExoMars-yň geljekki missiýasy üçin paraşýut ulgamyny synagdan geçirdiler. Uçurylýan modulyň geliý şary bilen Polýar tegeleginden 30 km belentlige galdyrylan maketi iki paraşýutyny açandan soň ýere üstünlikli gondy.

Ulgam Gyzyl planetanyň üstüne “Rozalind Franklin” mars rowerini eltmek üçin döredildi. Ol sesden gaty tizlikde barýarka badyny saklamak üçin niýetlenen diametri 15 m bolan esasy paraşýutdan we ahyrda ýere düşmek üçin niýetlenen diametri 35 m bolan goşmaça paraşýutdan ybarat.
ESA tarapyndan Mars missiýasy üçin iň ulusy hökmünde häsiýetlendirilen ikinji paraşýut 4 kilometr urganly 800 inedördül metr matadan taýýarlanyp, ony  konteýnere ýerleşdirmek üçin üç gün töweregi wagt gerek.
Synaglar deňiz derejesindäki Ýerden 1% dykyz bolan Mars atmosferasynyň şertlerini döretdi. Munuň üçin model ýolagçy uçarlarynyň uçýan belentliginden üç esse ýokary - 30 km beýiklige çykaryldy. Apparat 20 sekuntlap erkin gaçyşda bolup, sesiň tizligine diýen ýaly ýetdi, şondan soň paraşýutlar birin-birin açyldy. Synagyň şertleri, şol sanda atmosferanyň tizligi we dykyzlygy paraşýutlaryň Marsda başdan geçirjeklerine laýyk gelýärdi.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....