Trampyň maşgalasynyň kompaniýasy bitkoine we beýleki kriptoaktiwlere $2 mlrd maýa goýdy

  • 23.07.2025 14:32
  • 9.7k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy tarapyndan gözegçilik edilýän Trump Media & Technology Group (TMTG) kompaniýasy 2 mlrd dollarlyk bitkoin we beýleki kriptowalýuta aktiwlerini satyn alandygyny habar berdi. Bu habardan soň kompaniýanyň paýnamalary 6% ýokarlandy.

Maý aýynda TMTG kriptowalýutalara, şol sanda bitkoine maýa goýumlar üçin 2,5 mlrd dollar çekmek isleýändigini aýdypdy.
Ozal Donald Tramp sanly aktiwler barada ençeme gezek oňyn seslendi. Mart aýynda kriptowalýutalaryň milli strategiki ätiýaçlygynyň döredilendigini habar berip, ABŞ-nyň kriptopudagyň “dünýä paýtagtyna” öwrüljekdigini belledi.
18-nji iýulda Ak tamyň ýolbaşçysy kriptowalýuta bazaryna täze düzgünleri girizýän kanuna gol çekdi. Resminama sarp edijileri goramak we dollar bilen üpjün edilen steýblkoinler boýunça çäreleri öz içine alýar.
Kanun kabul edilenden soň, dünýäniň kriptobazarynyň kapitalizasiýasy rekord 3,91 trln dollara ýetdi. 


düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.9k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....