Android smartfonlary millionlarça adama ýertitremeleri öňünden duýdurýan tora öwrüldi

  • 22.07.2025 19:47
  • 9k+

Google Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti bilen bilelikde Android smartfonlaryny ýertitremeleri anyklaýan iň uly tora öwürdi. Ol 98 ýurtda 2,5 mlrd adamy gurşap alýar diýlip, Science žurnalyndaky ylmy gözlegde aýdylýar.

Android Earthquake Alerts ulgamy smartfonlardaky seýsmik tolkunlar üçin häsiýetli bolan hereketleri bellige alýan akselerometrleri ulanýar. Google-yň algoritmleri birnäçe gurluşlardan alnan maglumatlary seljerip, ýer sarsgynlaryny gurluşyk işleri ýaly beýleki wibrasiýalardan tapawutlandyrýar.
Üç ýylyň içinde, 2021-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň marty aralygynda ulgam 1,9-dan 7,8 bal ululykdaky 11 000-den gowrak ýertitremäni hasaba alyp, adaty seýsmik stansiýalar bilen deňeçer takyklykda duýduryş iberdi. Ortaça her aýda 312 ýertitreme hasaba alyndy, duýduryşlaryň 85%-i hünärmenler tarapyndan tassyklandy.
Ulgam gymmat monitoring stansiýalarynyň elýeterli bolmadyk seýsmik taýdan howply sebitlerinde aýratyn gymmatlydyr. Ol Android gurluşlarynyň köpüsinde Google Play arkaly awtomatik işleýär.
2023-nji ýylyň fewralynda ulgam Türkiýede bolan 7,8 bal ululykdaky ýertitreme wagtynda uly synagdan geçdi. Ilkibaşda ol sarsgynlaryň güýjüni 4,5 bal ýaly kabul etdi. Kämilleşdirilenden soň ulgam 6,3 sekuntda 7,4 bal ululygy kesgitläp, 67 mln adama öňünden duýdurdy. Nepalda 5,7 bal ululykdaky ýertitreme wagtynda ulgam 10 mln duýduryş iberdi, käbirleri adam sarsgyny duýmazdan 60 sekunt öň iberildi.
Tehnologiýa smartfonlaryň ýertitremeler barada öňünden duýdurmak üçin elýeterli çözgüt bolup, adaty ulgamlaryň işlemeýän ýerinde adam ömürlerini halas edip biljekdigini görkezýär.


düýn 11:53
3.6k+

Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar

Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience  žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar...

04.08.2025 19:27
6k+

Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi

Hytaýda Betbagtçylyklaryň öňüni alyş institutyndan Sýuý Goudunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dünýäde ilkinji seýsmograf hasaplanýan gadymy enjamy dikeltdi. Bu barada Progress in Geophysics žurnalyna salgylanýan South China Morning Post ýazýar...

23.07.2025 07:20
22k+

Ýaponiýada ýertitremelerinden we beýleki hadysalardan soň kömek bermek üçin niýetlenen üç metrlik robot dörediler

Waseda uniwersiteti we birnäçe ýapon kompaniýalary halas ediş işleri we betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmekde ulanmak üçin niýetlenen üç metrlik adam şekilli roboty öndürer diýip, Kýodo habarlar gullugy habar berdi...

02.07.2025 11:20
10k+

Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler

Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi...