Täze Xiaomi Bone Conduction 2 nauşnikleri suwda we smartfonsyz işleýär

  • 22.07.2025 19:38
  • 3.4k+

Xiaomi suwda ulanyp boljak täze Bone Conduction 2 nauşniklerini hödürledi. Model Finlýandiýanyň Suunto fitnes-sagat brendi bilen hyzmatdaşlykda döredildi we suwda ýüzmek üçin niýetlenýär. Onuň aýratynlygy, aksessuar sesi gulagyň däl-de, süňküň üsti bilen geçirýär we smartfona birikdirmezden işleýär.

Nauşnikler 32 GB içki ýady bilen öwnüp biler. Aýdymy Bluetooth arkaly geçirmek, soňra oflaýn-režimde diňlemek bolýar. Režimler bir düwmäniň kömegi bilen çalşylýar.
Model ýüzüş trekingi funksiýasyna eýe boldy. Xiaomi-niň nygtaýşy ýaly, ulgam ýüzüş aralygyny we wagtyny ýazga alýar. Algoritm üçin Suunto jogap berýär.
Beýleki aýratynlyklaryň arasynda ýumşak gipoallergen örtügi, IP68 ülňüsi boýunça suwdan gorag, sesi ýatyrmak funksiýasy bolan iki mikrofon bar. Bir zarýadda iş wagty 12 sagada çenli. Gurluş iki sagadyň dowamynda 5 metre çenli çuňluga çümmäge mümkinçilik berýär.
Satuw 21-nji iýulda Hytaýdaky Xiaomi Youpin platformasynda başlady. Nauşnikleriň bahasy 699 ýuan (takmynan, $97). Iki görnüş elýeterli: gara-mämişi we ak-mämişi.




03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...