Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

  • 27.02.2026 19:13
  • 2.6k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar.

Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär. Matalary ýörite usulda arassalamak arkaly bakteriýalaryň 99,99%-ini, şeýle hem wiruslary we tozan sakyrtgalaryny ýok etmäge ukyply çarhy bolan enjam bug arkaly zyýansyzlandyryş funksiýasyna we matalardaky tegmilleri aýyrmaga niýetlenen ýörite iş tertibine eýedir. Akylly guradyş algoritminiň esasynda sensorlar eşikleriň doly gurandygyny anyklap, prosesi özbaşdak duruzýar. Bu bolsa matalaryň gereginden artyk guradylyp durmagynyň öňüni alýar we energiýany tygşytlaýar. Ynjyk matalar üçin suwuň temperaturasy 35 °C bolan aýratyn tertip göz öňünde tutulypdyr.


Eger ýuwuş tamamlanandan soň gapy ýapyk galan bolsa, ýarym sagatdan soň howa çalşygy ulgamy işläp başlaýar. Bu mehanizm enjamyň içinde çyglylygyň toplanmagynyň we egin-eşikde ýakymsyz yslaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.
Resmi maglumatlara görä, Hytaý bazarynda bu modeliň bahasy takmynan 280 ABŞ dollaryna deň. Enjam ilkinji nobatda ýaşaýyş meýdany çäkli bolan ulanyjylar we syýahat wagtynda ulanmak üçin ykjam çözgüt gözleýän adamlar üçin niýetlenen.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....