Hyundai özüniň iň arzan elektrik awtoulagy bolan Inster bilen tanyşdyrdy

  • 16.06.2024 01:39
  • 5.8k+

Hyundai şeýle at bilen dünýä bazarlarynda elýeterli boljak A-segmentli Inster elektrik awtoulagyny hödürledi, şol bir wagtda ol Koreýanyň bazarynda Casper Electric hökmünde satylar. Tehniki aýratynlyklary baradaky jikme-jiklikler entek aýan edilmedi. Ýöne myş-myşlara görä, onuň bahasy 20 000 ýewrodan arzan bolar we markanyň iň arzan elektrik awtoulagyna öwrüler diýip, Carscoops ýazýar.

 

Casper-e esaslanýan bu model “innowasiýa” aýratynlyklary we öz klasy üçin “täze mana eýe bolan” standartlary bilen elýeter bahaly, elektrikli awtoulag hökmünde orun aldy.
Inster dizaýny gündizki LED yşykly çyralary, pikselleşdirilen öwrüm görkezijileri we täzeden dizaýn edilen yzky lampalary bilen tapawutlanýar. Kompaniýa awtoulagyň içini entek görkezmedi, ýöne syzdyrylan maglumatlara görä, sanly gural paneli, uly merkezi ekrany we üç dilli desti bilen köp babatda Casper-i ýatladar.
Modeliň BorgWarner elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilmegine garaşylýar, ýöne kuwwaty, akkumulýator batareýasy we ýöreýiş ätiýaçlygy barada jikme-jiklikler entek aýdylanok.

 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....