NASA 2026-njy ýylda adamlary Aýa uçurmak üçin zerur şertler barada gürrüň berdi

  • 14.06.2024 12:13
  • 5k+

NASA 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda adamlary Aýa düşürmek üçin ozal näbelli şerti yglan etdi. SpaceX şertnamasynyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek üçin kriogen ýangyjyny Ýeriň orbitasyna geçirmeli we bu 2025-nji ýylyň başynda amala aşyrylmalydyr diýip, Kosmos gullugynyň Aýyň barlag ulgamlary bölüminiň başlygy Ketrin Kerner žurnalistlere gürrüň berdi diýip, Naked Science ýazýar.

Ýeriň orbitasynda kriogen ýangyjyny geçirmek Aýa adam düşürmek üçin ulanyljak Starship HLS-e ýangyç guýmak üçin zerurdyr.
Orbitada ýangyç geçiriş uçuşy Starship-iň iki kosmos gämisiniň birleşmegine we ýüzlerçe tonna suwuk metanyň we kislorodyň awtomatiki geçirilmegine degişli çylşyrymly synag bolar. Bu tehnologiýa kosmosda henizem synagdan geçirilmändi.
Skeptikler bu sözlere ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirligi Aýa adam düşürmegiň gijikdirilmeginde jogapkärçiligi Maskyň kompaniýasyna ýüklemäge çalyşýar diýip baha berdiler.
Bu talap 2026-njy ýylda Aýa adam düşürmegiň mümkin boljakdygyna şübhe döretdi. Hünärmenler Starship HLS-iň entek doly ösdürilmändigini we SpaceX-iň şeýle çylşyrymly uçuşy amala aşyrmaga entek ýeterlik derejede infrastrukturasynyň ýokdugyny bellediler.
Şeýle-de bolsa, SpaceX Starship-iň synagynda öňegidişlik görkezýär.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.6k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......